milli goshun logo
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti ýurdumyzda iş saparynda bolar
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti ýurdumyzda iş saparynda bolar
02.04.2019 532 Habarlar

1-nji aprelda Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak döwlet saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet saparynyň barşynda döwletara, hökümetara we pudagara resminamalarynyň 40-a golaýyna gol çekilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, şu günler bu ugurda degişli guramaçylyk işleriniň dowam edýändigini habar berdi.

Milli Liderimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet saparyna ýokary guramaçylykly taýýarlygy üpjün etmegi tabşyrdy, saparyň dowamynda ýurdumyzyň käbir welaýatlaryna hem baryp görmegiň nazarda tutulýandygyny aýtdy.

Şeýle hem Koreýa Respublikasynyň türkmen diplomatiýasynyň ileri tutulýan üç ugry – suw, ulag we energetika diplomatiýasy boýunça işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy nygtaldy.