7-nji
martda paýtagtymyzda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäreler
geçirildi. Şolaryň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
tabşyrygy boýunça sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp
ýetişdiren eneleri hormatlamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna
laýyklykda, olara «Ene mähri» diýen hormatly at dakyldy. Şeýle hem köp çagaly
maşgalalara ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy.