16-njy maýda,
ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öň ýanynda ýurdumyzyň
Mejlisi Daşary işler ministrligi bilen bilelikde ylmy-amaly maslahat geçirdi.
Maslahata
milli parlamentiň deputatlary, hökümet agzalary, partiýa we jemgyýetçilik
işgärleri, alymlar we syýasatşynaslar, ýurdumyzda işleýän diplomatik
wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň, şeýle hem dürli ministrlikleriň we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, türkmen we daşary ýurt köpçülikleýin habar
beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriň
professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Çykyşlarda
Esasy Kanunymyzyň bilim ulgamyny ösdürmekde, döwlet taglymatyny, syýasy
köpdürlüligi hem-de köppartiýalylygy kemala getirmekde eýeleýän orny, şeýle hem
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa
geçirilýän durmuş-ykdysady strategiýanyň we ylmy-tehniki syýasatyň esasy
ugurlary beýan edildi.