Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ştab-kwartirasy (Awstriýanyň Wena şäheri) tarapyndan 4-5-nji maýda geçirilýän halkara wideomaslahat maglumat, telekommunikasiýa we kiberhowpsuzlyk meselelerine bagyşlanýar.
ÝHHG-ä agza ýurtlaryň arasynda bu möhüm ulgamda tejribe alyşmaga gönükdirilen iki günlük onlaýn duşuşyga türkmen tarapyndan «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň wekilleri gatnaşýarlar.