(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)
Ak reňk ak bagty alamatlandyrýar. Ak reňk – asudalygyň, abadançylygyň, arassalygyň, adalatyň nyşany. «Ak zat alnyňa ýagşy» diýýän halkymyz bu reňke aýratyn gadyr goýýar. Ak reňk hakda oýlara çümeniňde, türkmeniň zandy ýaly ak şaher Aşgabat bada-bat göz öňüňde janlanýar. Şahyryň aýdyşy ýaly, «Türkmenleriň ýüreginiň aklygy bu şäherde gaýmak bolup çogupdyr!»
Ine, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitaby boýdan-başa aklyga, päklige beslenen gözel paýtagtymyzyň döredilmeginiň şanly 140 ýyllyk toýuna ajaýyp toý sowgady boldy. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde geçen täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy ak şäherimiziň barha dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen görkezdi.
Dabaranyň başlanmagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergä tomaşa etdiler. Sergide gözel paýtagtymyzyň waspyny ýetirýän bezeg diwarlyklaryna, heýkeldir nakgaşçylyk işlerine, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren ajaýyp kitaplaryna aýratyn orun berildi. Aşgabadyň parahat ýaşaýşy, şeýle hem gülläp ösüşleri, ak mermerli binalary, şäheriň taryhyna degişli gymmatlyklar myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Döwrüň ruhuna kybapdaş şäheriň ak binalaryndan döredilen taslama işine gyzyklanma ýokary boldy.
Sergi bilen tanyşlygyň dowamynda ýene-de bir sazlaşyk has özüne çekdi.
Ak daşly täze neşir.
Ak göwünden gözbaşly eser.
Sergidäki ak reňkli gymmatlyklar.
Ak harby lybasly harby gullukçylar.
Bu ýagdaý Aşgabadyň – sazlaşygyň şäheridigini görkezýär.
Has köp suratlary «Multimediýa» bölümimizde görüp bilersiňiz!
«Milli goşun».