Düýn – 21-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitlerde pagta ýygymy guramaçylykly dowam edip, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Bugdaý ekişini ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Häzirki wagtda welaýatlaryň çägindäki edara-kärhanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlary işe girizilip, olaryň kadaly işlemegini üpjün etmek babatda degişli işler geçirilýär.