milli goshun logo
Iň möhümi – tejribe
Iň möhümi – tejribe
20.03.2020 3363 Harby Bilim

Golaýda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň 5-nji ýyl harby talyplary goşunda tälim almaga, tejribelik geçmäge ýollanma aldylar. Olar tejribelige ýokary derejede taýýarlyk gördüler. Tejribeligiň esasy maksady harby talyplaryň okuw maksatnamalary boýunça alan nazary bilimlerini çuňlaşdyrmakdan we amaly endiklerini kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Goşunda tälim aljak harby talyplar öz okaýan hünärleri boýunça Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümlerine, harby edaralaryna we harby okuw mekdeplerine ugradyldy. Olar harby tälim döwründe tejribeli serkerdelere berkidiler. Degişli harby bölümlerinde geljekki serkerdeleriň has-da kämilleşmegi, tejribe toplamagy üçin ähli şertler döredilendir. Goşunda tejribelikde wagtlary harby talyplar özleriniň alan hünär bilimlerini çuňňur özleşdirendiklerini subut ederler.

– Nazary we amaly bilim. Meniň pikirimçe, iň möhümi – amaly bilim, tejribe. Sebäbi sen nazary tarapdan näçe güýçli bolanyňda-da, alan bilimiňi tejribede amal edäýmek aňsat däl. Tejribe hemme ýerde, hemme işde gerek, aýratyn-da, harby ulgamda bu has möhüm. Biz her ýyl öz hünärimize görä harby bölümlere tejribelige ýollanýarys. Şeýdibem, öwrenen zatlarymyzy tejribe üsti bilen has-da berkidýäris hemem serkerdelik mekdebini geçýäris – diýip, Harby institutyň 5-nji ýyl harby talyby Kerwen Geldiýew gürrüň berýär.

Ýaş harby talyplara ähli tarapdan uly ynamyň bildirilmegi, olary Watany tüýs ýürekden goramak ýaly jogapkärli wezipelerine hemişe wepaly bolmaklaryna ruhlandyrýar. Harby talyplaryň hem öz hünärlerine yhlas bilen çemeleşmekleri olaryň indiki serkerdelik ýoluna ýolgörkeziji bolar.

Kerim MYRADOW,

uly leýtenant.