Şu gün Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet
lukmançylyk uniwersitetinde zähmetde tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini
sylaglamak hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk
ösümlikleri» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.
Bu çäreler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň
mekany» ýylynda berkarar Watanymyzda giňden bellenilen Türkmenistanyň saglygy
goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli dabaralaryň üstüni
ýetirdi.
Dabarada
bellenilişi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär.
Şoňa görä-de, ýurdumyzyň baş baýlygynyň goragynda duran saglygy goraýyş
ulgamynyň işgärleriniň netijeli zähmet çekmekleri, hünär taýdan kämilleşmekleri
üçin ähli şertler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli
üns-aladalary netijesinde, her ýyl Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman
senagaty işgärleriniň gününi giň gerimli dabaralar bilen bellemek asylly däbe
öwrüldi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany»
ýylynda hem hünär baýramy döwrebap saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş
dabaralaryna we beýleki möhüm wakalara beslendi. Munuň özi ömrüni asylly käre
bagyşlan lukmanlaryň zähmetine döwlet derejesinde aýratyn hormat-sarpa
goýulýandygynyň nobatdaky nyşanydyr.
Dabaranyň
dowamynda ilatyň saglygyny dikeltmek bilen, keselleriň öňüni almagyň, olary
anyklamagyň hem-de bejermegiň netijeli usullaryny saglygy goraýyş tejribesine
ornaşdyrmaga uly goşant goşan saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň
tapawutlanan işgärlerine Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň adyndan sylaglar gowşuryldy.
Ýokary
sylaga mynasyp bolan saglygy goraýyş işgärleri özleriniň zähmetini hemişe üns
merkezinde saklaýandyklary üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we döwlet
Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Nygtalyşy ýaly, döwletimiz
tarapyndan ilata ýokary derejedäki saglygy goraýyş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek,
milli saglygy goraýyş ulgamyny özgertmek hem-de dünýä ülňülerine laýyklykda
ösdürmek, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen giň
gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda okgunly ösýän saglygy goraýyş
ulgamynyň düzümlerini we bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýokary
derejeli lukmançylyk işgärlerini taýýarlamak maksady bilen amala aşyrylýan
döwletli işleriň ählisi «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen çuňňur mazmunly
şygary öňe sürýän, halkymyzyň abadançylygyny, ilatymyzyň beden saglygyny
goramak hem-de berkitmek boýunça wezipeleri baş maksat edinýän Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň çuňňur oýlanyşykly hem-de köptaraplaýyn
syýasatynyň aýdyň netijesidir.
Dabaranyň
dowamynda saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň dünýäniň öňdebaryjy gazananlary
esasynda kämilleşdirilmegine, halkyň saglygyny berkitmäge gönükdirilen asylly
başlangyçlary we döwletli işleri üçin Milli Liderimize hem-de hormatly
Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdyldy. Şeýle hem dabara gatnaşyjylar
ilatyň saglygyny goramak ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işlere jogap
edip, mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.
Soňra
bu ýerde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk
ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň
dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy
geçirildi. Täze kitap saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynda ýurdumyzyň
we dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi üçin sowgat boldy.
Dabarada
çykyş edenleriň belleýşi ýaly, türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler
baradaky bu ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerinde neşir edilip,
millionlarça daşary ýurt okyjylaryna elýeterli boldy hem-de ýurdumyzda
lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi.
Lukmançylyk ulgamynda düýpli ylmy işleriň köp sanlysynyň awtory Gahryman
Arkadagymyz milli lukmançylygymyzy ösdürmegiň özünde pederlerimiziň paýhasyny
we tejribesini, dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman meýillerini jemleýän nusgasyny
döretdi. Kitabyň sahypalarynda ýerli dermanlyk otlaryň we ösümlikleriň, şol
sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary ylmy we halk
lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär.
Dabarada
çykyş edenler Milli Liderimiziň ylmy-ensiklopedik eseriniň lukmançylyk ylmyna
goşýan ägirt uly goşandy, türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň bejeriş
aýratynlyklaryny öwrenmekde gymmatly çeşme hökmündäki ähmiýeti dogrusynda
gürrüň etdiler. Alym we lukman Arkadagymyzyň köpýyllyk ylmy gözlegleriniň
netijesi bolan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli
ylmy-ensiklopedik işiniň nobatdaky jildi, ozalkylarda bolşy ýaly, “Dermanlyk
ösümlikleriň häsiýetnamasy” hem-de “Maglumatnama” diýen iki bölümden ybaratdyr.
Kitabyň baplarynda gymmatly, şypaly hazyna hasaplanýan mukaddes topragymyzyň
dag-düzlerinde bitýän dermanlyk ösümlikleriň bejeriş aýratynlyklary barada doly
we düýpli maglumatlar berilýär. Ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň,
ösümlikleriň köküniň, miwesiniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk
häsiýetleri giňişleýin beýan edilýän bu düýpli ylmy iş okyjylara adamzadyň
gazanan üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk ylmyna uly goşant
goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk bejeriş-sagaldyş tejribesi hem-de däpleri
bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.
Baý
mazmunly ensiklopediýa daşary ýurtly okyjylary türkmen tebigaty bilen ýakyndan
tanyşdyrmaga hem ýardam eder. Kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinip, dermanlyk
ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary
ýygnamagyň usullary, şeýle hem saklamagyň möhletleri baradaky maglumatlary
özünde jemleýär. Hormatly Arkadagymyzyň Gündogar lukmançylygynyň görnükli
alymlarynyň hem-de türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy
tejribesi esasynda döreden “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly eseriniň
nobatdaky jildi hem ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň,
şol sanda ylym-bilim, ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn
pugtalandyrylmagyna ýardam berer.
Dabarada
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygyny goramak,
adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, jemgyýetde sagdyn durmuş
kadalaryny ornaşdyrmak, berk bedenli we ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala
getirmek, lukmançylyk ylmynyň döredijilik kuwwatyny artdyrmak babatda durmuşa
geçirýän ägirt uly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman
Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.