Şu
gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň
Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň ýapon
dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň
çuňňur many-mazmunly eseriniň ýapon diline terjime edilmegi «Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda türkmen-ýapon
gatnaşyklarynyň ösüşiň täze derejesine çykarylýandygynyň nobatdaky beýany
boldy.
Dabarada
çykyşlara giň orun berildi. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz Watanymyzyň parahatçylyk
söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini esasy ugur edinýän daşary
syýasatynyň rowaç gadamlary barha dabaralanýar. Bu bolsa Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi üç
gezek ykrar edilen ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende
galýandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy —
parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynda hem şu hakykat aýdyň
beýan edilýär. Täze eseriň ýapon diline terjime edilmegi bolsa Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň zehininden dörän kitabyň dünýä giňişligindäki
okyjylarynyň sanynyň has-da artmagyny şertlendirdi.
Hormatly
Prezidentimiziň bu kitaby Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan çuňňur syýasy,
taryhy, durmuş-ykdysady, ruhy-medeni we ynsanperwer ähmiýetli döwrebap
pikirlenişe daýanýan mazmuna eýedir. Kitapda türkmen Bitaraplygynyň gadymy
gözbaşlary, taryhy ähmiýeti, döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesi, onuň
häzirki zaman derwaýys meseleleriň oňyn çözülmegindäki orny düýpli açylyp görkezilýär.
Şeýle hem onda Türkmenistanyň daşary syýasy we ykdysady gatnaşyklarda eýeleýän
işjeň orny, ählumumy wezipeleri çözmek bilen bagly başlangyçlary giňişleýin
seljerilýär, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen
taryhy başlangyçlara üns çekilýär hem-de ýurdumyzda ýetilen belent sepgitlere,
gazanylan üstünliklere nazar salynýar.
Döwlet
Baştutanymyzyň bu kitabynda bellenilişi ýaly, türkmen halky üçin Bitaraplyk öz
taryhynyň, medeniýetiniň, ruhunyň we milli häsiýetiniň tebigy dowamydyr.
Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu işjeň, ynamly, öz taryhyna we gymmatlyklaryna
esaslanýan, şol bir wagtyň özünde halkara jemgyýetçilige doly açyk we hyzmatdaş
bolan parahatçylyk syýasatydyr.
Dabarada
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hirosi
Sasaki çykyş edip, bu çäräniň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli
gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça ösdürilýändigini alamatlandyrýan waka
öwrülendigini nygtady. Şeýle hem ol bu wakanyň hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň täze eseriniň ýapon diline terjime edilen neşiri bilen
tanyşdyrmak we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ähmiýetini açyp görkezmek
ýaly wajyp ugurlary öz içine alýandygyna ünsi çekdi.
«Türkmenistanyň
Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyň ýapon
okyjylaryna ýetirilmegi iki halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna
uly goşant hökmünde kabul edildi. Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli
daşary syýasatynyň rowaçlanýandygyny aýdyň äşgär edýän bu çäre ýurdumyzyň Bitaraplyk
derejesinden gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli çözülýändiginiň we bu ugurda
medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändiginiň nobatdaky
beýanydyr.
Täze
kitap ýokary çaphana usulynda neşir edildi. Onuň sahypalarynda şekillendiriş
sungatynyň dürli eserleri ýerleşdirilip, bezeg aýratynlyklarynа möhüm ähmiýet
berlipdir.
Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi ugrunda edilýän aladalar üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň ýapon dilinde neşir edilmegi Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi.