29-njy iýunda
ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk we ukrain dillerinde
neşir edilen «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynyň
tanyşdyryş dabarasy boldy.
Oňa
Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň, daşary ýurtlaryň diplomatik
wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary
we talyplary, häzirki döwürde Diýarymyzda bolýan daşary ýurt wekiliýetleriniň
agzalary, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşykda milli Liderimiziň bu kitabynyň Türkmenistanyň taryhy tejribä, türkmen halkynyň parahatçylyksöýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk, ruhy mirasa sarpa goýmak däplerine daýanýan häzirki zaman ösüş konsepsiýasyny beýan edýändigi nygtaldy. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly birinji hem-de ikinji kitaplar ýurdumyzda we dünýäde uly meşhurlyga eýe bolup, iňlis, rus we başga-da birnäçe dillere terjime edildi.