Ýurdumyzda bahar paslynyň ilkinji
günleri Halkara zenanlar güni mynasybetli guralýan dabaralara beslenýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň
taryhy ähmiýetli wakalarynyň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny
şertlendirýän dabaralar mährem enelere, gelin-gyzlara döwlet derejesinde
goýulýan hormat-sarpanyň aýdyň nyşanydyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýar
gelin-gyzlarynyň hormatyna bu nurana baýrama bagyşlanyp, ýurdumyzyň dürli
künjeklerinde guralýan dabaralar zenanlaryň eziz Watanymyza bolan söýgüsini,
eşretli durmuşa, bagtyýar döwrümize buýsanjyny has-da artdyrýar. Ähli
ulgamlarda zähmet çekýän gelin-gyzlara, çagalar baglarynda terbiýelenýän
gyzjagazlara, talyp gelin-gyzlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara
zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlarynyň gowşurylmagy, ýokary okuw
mekdeplerinde okaýan gyzlaryň arasynda guralýan “Talyp gözeli” bäsleşiginiň
jeminiň jemlenilmegi, dabaraly maslahatlaryň, aýdym-sazly çäreleriň geçirilmegi
bu şanly senäniň giňden bellenilmegine döwlet derejesinde ähmiýet
berilýändigini görkezýär.
Dabaraly maslahatlardaky
çykyşlarda nygtalyşy ýaly, merdana zenanlar maşgalanyň daýanjydyr, ahlak
gözelliginiň nusgasydyr, öý-ojaklaryň ýaraşygydyr. Watanymyzda zenanlara uly
sarpa goýulmagy, olaryň mertebesiniň belent tutulmagy gözbaşyny müňýyllyklardan
alyp gaýdýan milli ýörelgeleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede
ösdürilýändiginiň güwäsidir. Halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden asylly
ýörelgelerine laýyk gelýän gelin-gyzlara hormat goýmak däbi bedew bady bilen
ynamly öňe barýan ýurdumyzda has-da kämilleşdirilýär. Dürli döwürleridir
nesilleri baglanyşdyran ýörelgeleriň dowamata atarylmagy ugrunda döwlet
derejesinde tagalla edilýär.
Halkara zenanlar güni mynasybetli
Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki, welaýatlardaky seýilgählerde, medeni-bilim
ojaklarynda aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri, çeperçilik sergileri,
bäsleşikler, döredijilik duşuşyklary guralýar. Munuň özi Watanymyzyň
at-abraýynyň belende göterilmegine mynasyp goşant goşýan gelin-gyzlaryň
mertebesiniň hemişe belent tutulýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Ýurdumyzda
ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri, milli maksatnamalary durmuşa
geçirmekde bitiren aýratyn hyzmatlary, zähmetde, jemgyýetçilik durmuşynda
gazanan üstünlikleri we beýleki ugurlar boýunça çekýän yhlasly zähmeti nazara
alnyp, öňdebaryjy zenanlary “Zenan kalby” ordeni bilen sylaglamak, köp çagaly
enelere “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak, köp çagaly maşgalalara täze,
döwrebap jaýlaryň açarlaryny gowşurmak asylly däbe öwrüldi. “Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda-da bu
ýörelgeleriň dowam etdirilmegi zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuna, ýaş
nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek ugrunda edýän
tagallalaryna berilýän mynasyp bahadyr. Halkara zenanlar gününiň hormatyna
guralýan çärelerde tutuş halkymyzyň mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza
bolan buýsanjy, söýgüsi öz beýanyny tapýar. Häzirki döwürde gelin-gyzlarymyz
watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepalylyk, asyllylyk ýaly türkmen zenanlaryna
mahsus häsiýetleri baýdak edinip, bu ýörelgeleriň kämilleşdirilmegine mynasyp
goşantlaryny goşýarlar. Bu bolsa olaryň jemgyýetde eýeleýän ornunyň
pugtalanmagyny şertlendirýär.
Halkara zenanlar güni mynasybetli
geçirilýän giň möçberli çäreler, aýdym-sazly dabaralar göwünleri joşdurýan,
kalplary galkyndyrýan ajaýyp pursatlary özünde jemleýär. Belent ruha beslenen
aýdym-sazlarda gelin-gyzlara goýulýan hormat, zenan mertebesiniň belentligi,
eneleriň mähriban Watanymyza, halkymyza bolan çuňňur söýgüsi öz beýanyny
tapýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan
giň gerimli özgertmelerde, gazanylýan uly üstünliklerde eneleriň,
gelin-gyzlaryň mynasyp paýynyň bardygyny bellemek gerek. Olar jemgyýetimizde
düýpli özgertmeleri amala aşyrmak, kabul edilýän maksatnamalary üstünlikli
ýerine ýetirmek ugrunda döredijilikli we tutanýerli zähmet çekýärler.
Gelin-gyzlaryň asylly zähmetine döwlet derejesinde mynasyp baha berilýär.
Olaryň yhlasly zähmeti, jöwher zehini bilen dörän, amaly-haşam sungatynyň
görnükli nusgalary hökmünde ykrar edilen milli halyçylyk hem-de keşdeçilik
sungatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri
boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna
girizilmegi müňýyllyklardan gözbaş alýan milli gymmatlyklarymyzyň dünýädäki
şöhratyny has-da artdyrýar.
Şanly sene mynasybetli guralan
çäreleriň hatarynda zenan mertebesini açyp görkezýän sergiler hem
ýaýbaňlandyrylýar. Suratkeşleriň zehininden dörän sungat eserleri ýurdumyzda
gelin-gyzlaryň el hünärine, asylly zähmetine, nesilleri terbiýelemekde edýän
tagallalaryna berilýän ýokary bahanyň subutnamasydyr. Halkara zenanlar güni
mynasybetli dabaralara gatnaşyjylar ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan
şanly seneleriň hormatyna geçirilýän çärelere gatnaşmak, gelin-gyzlara aýdylýan
hoşniýetli arzuwlara goşulmak ugrunda döredilýän şertler üçin hormatly
Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyşlaryny beýan edýärler.
Häzirki döwürde Gahryman
Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi esasynda
jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleri ornaşdyrylýar. Halkymyzyň taryhyň
dowamynda kemala getiren milli gymmatlyklarynyň goralyp saklanylmagyna, döwrüň
ruhuna laýyklykda baýlaşdyrylmagyna, geljek nesillere ýetirilmegine döwlet
derejesinde ähmiýet berilýär. Şol bir wagtyň özünde zenanlaryň hukuklarynyň we
bähbitleriniň üpjün edilmegi, maşgalany, eneligi, çagalygy goramak jemgyýetde
durnukly ösüşiň möhüm şertini emele getirýär. Bu işleriň ählisi zenanlaryň
bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilýär. Bu bolsa hormatly
Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen
döwletdir!” diýen ýörelgesiniň rowaçlyklara beslenýändigini alamatlandyrýar.
Sahawatly türkmen topragynyň,
ajaýyp tebigatyň janlanýan günlerinde giňden bellenilýän Halkara zenanlar
gününiň dabaralary tutuş ýurdumyzy gurşap alýar.