Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň
hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda
ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen
baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, welaýat häkimleri sebitlerde
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, sebitlerde dowam edýän oba
hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine
guramaçylykly girişmek we ony talabalaýyk geçirmek maksady bilen, meýdanlary,
ýokary hilli gowaça tohumyny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler
görülýär. Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja
ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek babatda degişli işler
alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatda
geçirilmegi göz öňünde tutulýan medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk işleri,
Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatlaryň
ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin agrotehniki çäreleriň guramaçylykly
geçirilmeginiň oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almagyň esasy şertleriniň
biridigini belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge
gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen
işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlaryň bugdaý
ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça
ekişine guramaçylykly girişmek, jogapkärli möwsümi talabalaýyk geçirmek maksady
bilen, meýdanlary hem-de pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny
ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Ilaty ýurdumyzda
öndürilýän gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça geçirilýän
işleriň çäklerinde ýazlyk gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny,
tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak, ýeralmanyň we gök ekinleriň ekişini
guramaçylykly geçirmek ugrunda degişli işler dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba
hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki strategik ornuna ünsi çekdi we
möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki
kadalaryň berk berjaý edilmeginiň önümçilikde ýokary netijeleri gazanmak bilen
bir hatarda, ýer-suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, topragyň
şorlaşmagynyň öňüni almaga ýardam berýändigini belledi hem-de wise-premýere
birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara
ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ýene bir gezek ünsi
çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde tekizlemek, çil we geriş
çekmek, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda ýuwuş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki
kadalara laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmegi, pagta öndürijileri ýokary
hilli gowaça tohumy bilen öz wagtynda, ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin ähli
zerur çäreleri görmegi, oba hojalyk tehnikalaryny ýazky ekiş möwsümine doly
taýýar etmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek, goşmaça dökünleri
bermek işini agrotehniki möhletlerde geçirmegi, bugdaý meýdanlarynda ösüş
suwunyň tutulyşyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz
ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişini agrotehniki möhletlerde, ýokary
hilli geçirmegiň, Daşoguz welaýatynda bu ekinleriň tohumlaryny we ekiljek
ýerlerini ekiş möwsümine doly taýýar etmegiň, welaýatlaryň bugdaý, pagta
öndürijileri bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen
işler boýunça hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde
saklamagyň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Halkara zenanlar güni bolan
8-nji mart baýramy mynasybetli welaýatlarda meýilleşdirilen çäreleri ýokary
derejede geçirmegiň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitlerde şu ýyl göz
öňünde tutulan işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin zerur
çäreleri görmegiň möhümdigini belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş
maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny,
alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.