Türkmenistanyň
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly
Ýaşlar» elektron žurnalyň ýene bir sany okyjylara gowuşdy.
Neşiriň
2026-njy ýyldaky ikinji sany «Türkmen bedewi – belent ösüşleriň nusgasy» atly
makala bilen açylýar. Aýyň şanly wakalaryna bagyşlanýan çykyşlar «Sport –
ýaşlygyň ýarany» atly makala bilen dowam edýär.
«Başlangyç synpda
ünslüligi ösdürmegiň esaslary» atly makala bilim işgärleri üçin tejribe
alyşmakda ähmiýetli çykyş bolupdyr. Döwrebap bilim ulgamy babatyndaky söhbetler
şol sahypalarda iňlis dilindäki makalada hem dowam etdirilýär. Şeýle-de,
neşiriň täze sanyndaky «Türkmenistanyň kazyýet ulgamy we halkara hukuk
tejribesi» atly makala bu ugurda möhüm maglumatlary okyjylara ýetirýär.
«Türkmen bedewi – taryhyň sahypalarynda», «Ýyndamlygyň we gözelligiň nyşany»
atly makalalar neşir tarapyndan yglan edilen döredijilik bäsleşigine
hödürlenipdir. Şol sahypalarda rus dilinde berlen çykyşda hem türkmen bedewi
wasp edilýär.

«Döredijilik dünýäsi» atly rubrika aslynda ýene-de türkmen edebiýatynyň häzirki zaman wekilleriniň birnäçesiniň şygyrlary paýlaşylýar. Täsirli çykyşlaryň ýene biri «Dymmagyň ähmiýeti» diýlip atlandyrylýar. Mart aýynyň täleýnamasy, Keýmir serdar baradaky makala, «Her bir ýaprak – bir hekaýa» atly çykyş hem okyjylarda gyzyklanma döretse gerek. Şeýle-de «Ýaş waspçy» atly döredijilik bäsleşiginiň täze ýeňijisi bilen tanyşdyrylýar. Žurnalyň ahyrky sahypalarynda täze döredijilik bäsleşigi hem yglan edilýär.