6-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygynyň hormatyna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurlup, ulanylmaga berlen häzirki zaman «Bagabat» şypahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şypahana toplumy bilen bir hatarda, oňa barýan döwrebap ýoluň gurlup, ulanylmaga berilmegi we onuň ugrunda belent başly «Saglyk» binasynyň oturdylmagy mynasybetli guralan dabaralar eziz Diýarymyzyň her bir gününiň belent sepgitlere, ajaýyp ýeňişlere beslenýändigini alamatlandyran taryhy waka öwrüldi.
Täze şypahana-bejeriş merkezi bilen bir hatarda, oňa barýan döwrebap ýol hem ulanylmaga berildi. Ýoluň çatryklarynyň biriniň merkezinde halkymyzyň saglygyny berkitmek üçin zerur şertleriň döredilmegini esasy ugur edinýän döwlet syýasatyny özünde jemleýän «Saglyk» binasy oturdyldy. Täze desgalaryň açylyş dabaralary ýurdumyzda bagtyýar eýýamyň her bir gününiň uly üstünliklere we belent sepgitlere beslenýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.