14-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Gazagystan Respublikasynyň
paýtagtynda «Merkezi Aziýa – Russiýa» Sammitiniň mejlisi geçirildi. Onuň gün
tertibine altytaraplaýyn görnüşde dostlukly gatnaşyklary we strategik
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljegi bilen bagly meseleler girizildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi.
Duşuşygyň barşynda Russiýa Federasiýasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň
arasyndaky hyzmatdaşlarynyň möhüm meseleleri boýunça içgin hem-de gyzyklanma
bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen birlikde, ozal gazanylan döwletara
ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilişine seljerme hem-de syn berildi, geljekki
bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Sammitiň jemleri boýunça döwlet baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasy
kabul edildi. Ol Ýewraziýa giňişliginde sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm
meselelerini öz içine aldy. Bu möhüm resminamada şeýle hem syýasy we
howpsuzlyk, söwda-ykdysady ulgamlarda, medeni-ynsanperwer ugry boýunça mundan
beýläkki gatnaşyklaryň geljegi beýan edildi.