14-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Astana şäheriniň Kongres merkezinde Garaşsyz
Döwletleriniň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky
mejlisine gatnaşdy.
Sammitiň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda GDA
döwletleriniň howpsuzlygynyň üpjün etmek meseleleri boýunça gyzyklanma bildirip
pikir alşyldy.
Ykdysadyýet özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleriniň hatarynda görkezildi.
Şunuň bilen baglylykda, hyzmatlaryň erkin söwdasy hakyndaky ylalaşygyň
taslamasyna gol çekmäge görülýän taýýarlyk barada habar berildi.
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine Sammitde beýan edilen, GDA-nyň
çäklerinde özara gatnaşyklary kämilleşdirmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlary
seljermek hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri işläp taýýarlamak
teklip edildi.
Sammitde gatnaşyklaryň dürli ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen
çözgütleriň birnäçesi kabul edildi.