23-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sanly ulgam merkezine baryp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Häzirki döwürde bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek ileri tutulýan möhüm meseleleriň hatarynda durýar.
Bu merkeziň alyp barýan işiniň esasy ugurlary ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hem-de olaryň garamagyndaky düzümlerde, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Amala aşyrylýan bu işleriň ählisinde maglumat binýadynyň howpsuzlygyny üpjün etmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek üçin zerur işleriň geçirilmelidigini hem-de bu ugurda hünärmenleri taýýarlamagyň we olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň möhümdigini belläp, degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.