4-nji ýanwarda Mary welaýatynda iş saparynda bolýan
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün saparyň jemlerine
bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Abdrahmanow, nebitgaz
senagaty edaralarynyň, şeýle hem ýangyç-energetika toplumynyň Mary welaýaty
boýunça ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary, bu sebitiň häkimi gatnaşdylar.
Iş maslahatynyň dowamynda
ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, Mary welaýatynda
bar bolan känlerde gazyň çykarylyşyny artdyrmagyň, şeýle hem Türkmenistanyň
dünýäniň energetika bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň meselelerine
garaldy.
Soňra
döwlet Baştutanymyz bu ýerden dikuçarda Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Malaý»
gaz känine tarap ugrady.
Biraz
wagtdan milli Liderimiziň dikuçary «Malaý» gaz käniniň ýanyndaky meýdança gondy.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ýurdumyzda nebitgaz senagatyny
2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine
ýetirmek, «Malaý» gaz känini döwrebaplaşdyrmak, onuň önümçilik kuwwatlyklaryny
artdyrmak bilen bagly meseleler boýunça maslahat geçirdi.