5-nji
ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna
guralan saparyň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.
Oňa
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow, ýangyç-energetika
toplumynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlyk
edýän Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) wekilleri hem-de Lebap
welaýatynyň häkimi gatnaşdylar.
Iş
maslahatynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň işini mundan
beýläk-de kämilleşdirmek, pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny
ornaşdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler ara
alnyp maslahatlaşyldy.