09.05.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Hormatly Prezidentimiz ýöriteleşdirilen täze dikuçaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy
Hormatly Prezidentimiz ýöriteleşdirilen täze dikuçaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy
09.04.2021 158 Habarlar

8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilata gaýragoýulmasyz tiz kömek bermäge niýetlenilip, ýurdumyza getirilen lukmançylyk maksatly «ANSAT» kysymly täze dikuçar bilen tanyşdy.

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň buýurmasy boýunça Kazan dikuçar zawody (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy) tarapyndan öndürilen täze tiz kömek dikuçaryny gözden geçirmek üçin döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň günortasynda ýerleşen saglygy goraýyş edaralarynyň dikuçar meýdançasyna geldi.

Täze dikuçar ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň we paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň öň ýanynda lukmanlara we paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna ajaýyp sowgat boldy. şäher şertlerinde gaýragoýulmasyz tiz kömek hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, ýöriteleşdirilen Dikuçar hassahanalara gysga wagtyň içinde näsaglary eltmek üçin niýetlenendir. Bu dikuçar reanimasiýany, ýokary derejeli bejerişi özünde jemlemek bilen, şikes alan raýatlara gönüden-göni ýerinde ilkinji gyssagly lukmançylyk kömegini bermäge mümkinçilik berýän iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.