29-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat – Tejen bölegini ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy.
«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýylyň bu wakasy üstaşyr ulag geçelgelerini döretmegiň hem-de ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynda hususy ulgamyň ornunyň artmagynyň, sebit we ählumumy multimodal gatnawlar ulgamyna goşulyşmagynyň hasabyna, ata Watanymyzyň geoykdysady kuwwatyndan doly peýdalanmak babatda döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.