17-nji
fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça
iş saparyny amala aşyryp, şäher düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça
alnyp barylýan işleriň barşy hem-de Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli
awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygynyň başlanmagy bilen baglanyşykly
alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Ýurdumyzyň
ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler,
adamlaryň durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi hem-de şähergurluşyk
maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler
milli Liderimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar.