30.10.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport ulgamynyň täze desgalarynyň açylyşyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport ulgamynyň täze desgalarynyň açylyşyna gatnaşdy
02.09.2020 86 Habarlar

1-nji sentýabrda, Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň edara binasy hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň täze edara binasy, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň täze binalar toplumy barada aýdyp, bu toplumyň geljekde Garaşsyz ýurdumyzyň milli we olimpiýa ýygyndy toparlarynyň türgenlerini Olimpiýa hem-de Aziýa oýunlaryna, dünýäde geçirilýän beýleki iri halkara ýaryşlara ýokary derejede taýýarlamaga mümkinçilik berjekdigini belledi.

Milli Liderimiz sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň köpugurly sport toplumynyň gurluşy, häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyklykda, hünärli türgenleri taýýarlamak boýunça mümkinçilikler bilen tanşyp, woleýbolçylaryň, futzalçylaryň, tennisçileriň we basketbolçylaryň türgenleşigine syn etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň täze edara binasyna ugrady we şol ýerde toý bagyny kesdi. Binanyň birinji gatynda 300 orunlyk mejlisler zaly, 2 — 7-nji gatlarynda edaranyň işgärleri üçin otaglar ýerleşýär. 8-9-njy gatlarda sport täzeliklerini we habarlary ýazmak hem-de ýaýlyma goýbermek üçin niýetlenen studiýalar we tehniki otaglar bar.