19-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideomaslahat görnüşinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň mejlisini geçirdi. Bu topar döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň sentýabr aýynda gol çeken Permanyna laýyklykda döredildi.
Konstitusion toparyň mejlisinde döwletimiziň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň işini kämilleşdirmek boýunça badalga berlen özgertmeleri durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barlan işler baradaky maglumatlar we hasabatlar diňlenildi.
Şunda döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylda Milli Parlamentimiziň iki palataly gurluşynyň döredilmegi bilen bagly Esasy Kanunymyza üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça alnyp barlan işlere mähriban halkymyzyň ýakyndan gatnaşandygyny we bu özgertmeleri giňden goldandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny makullamak we Türkmenistanyň Halk Maslahatyna hödürlemek hakyndaky» Konstitusion toparyň kararyna gol çekdi.