7-nji noýabrda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bag ekmek boýunça ählihalk çäresi geçirildi. Irden, asylly işe başlamagyň öňýanynda hormatly Prezidentimiz Hanbeg diýen ajaýyp bedewe atlanyp, bag ekmek çäresiniň geçirilýän ýerine tarap ugrady.
Döwlet Baştutanymyz türkmen arçasyny oturdyp, bag ekmek işleriniň täze tapgyryna badalga berdi. Çäräniň dowamynda döwlet Baştutanymyz sosna nahallarynyň 30 düýbüni oturtdy. Şunça düýp nahallaryň ekilmeginde çuňňur many bar, çünki munuň özi mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna giňden taýýarlyk görmegiň başynyň başlanýandygyny alamatlandyrýar.
Çärä gatnaşýanlar hem agzybirlik bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň göreldesine eýerip, olaryň her biri 30 düýp nahal ekdiler. Halk hojalygynyň hemme pudaklarynyň wekilleri türkmen topragynyň gözelligini artdyrýan çärä gatnaşdylar.
Dabara mynasybetli medeniýet işgärleri we sungat ussatlary tarapyndan geçirilen baýramçylyk konsertiniň barşynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün türkmen topragynyň ajaýyp künjekleriniň birinde bag nahallarynyň ekilendigini, watandaşlarymyzyň sogap işe gatnaşandygyny kanagatlanma bilen belledi.