26-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda Täze ýyl dabaralaryna baryp
görüp, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan
dabara gatnaşýan çagalaryň baýramçylyk şatlygyny paýlaşdy.
Şu günler Baş arça köpsanly çagalaryň, şol sanda
ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen körpeleriň iň gelim-gidimli ýerine
öwrüldi. Okuwda tapawutlanýan okuwçylar, ders olimpiadalarynyň, sport
ýaryşlarynyň we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri hem-de çagalar öýlerinde
terbiýelenýän çagalar paýtagtymyzdaky Täze ýyl dabaralaryna gatnaşmak üçin
çakylyk aldylar.
Baýramçylyk çykyşlarynda döredijilik ýoluna ýaňy
gadam basan zehinli aýdymçylar, sazandalar, çagalar tans toparlary özleriniň
ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Çagalaryň şatlykly sesleri bu baýramçylyk
dabarasynyň şowhunyny has-da artdyrdy.
Dabara geçip barýan 2019-njy ýylyň nyşany bolan
ýekegapanyň hem-de ýetip gelýän 2020-nji ýylyň nyşany syçanyň keşbini
janlandyran çagalaryň hem gatnaşmagy ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow «Älem» medeni-dynç alyş merkezinden Söwda-senagat edarasyna
tarap ugrady. Şol ýerde çagalar döredijilik toparlarynyň hem-de sirk we estrada
artistleriniň gatnaşmagynda Täze ýyl baýramçylyk dabarasy dowam etdi.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyz agtyklary bilen bilelikde Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy.