19-njy
ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Aşgabat-siti» iri
ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna degişli meseleler bilen tanyşmak üçin ak
mermerli paýtagtymyzyň demirgazyk künjegine geldi.
Döwlet
Baştutanymyz «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň dürli maksatly desgalarynyň
gurulmagy üçin seçilip alnan ýerleriň derejesini hem-de bu künjegiň tebigy
aýratynlyklaryny synlady. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde
bolşy ýaly, paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde ýokary ekologik ýagdaýyň
saklanmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Munuň özi dürli maksatly
binalaryň taslamalary taýýarlanylanda we gurluşyk işlerinde nazara alynmaly
esasy şertleriň biridir.
Häzirki
wagtda milli Liderimiziň başlangyjy we yzygiderli tagallasy netijesinde
paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, adamlar üçin has amatly durmuş şertleriniň döredilmegi
Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde görkezilýän taslamalar, dürli
maksatly binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.