Düýn – 24-nji maýda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet
Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen
Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzodany, Özbegistan
Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, ykdysadyýet we maliýe ministri Jamşid
Kuçkarowy, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Gyrgyz
Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Akylbek Žaparowy, Gazagystan
Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenowy, Belarus Respublikasynyň
Premýer-ministri Roman Golowçenkony, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň
Başlygy Mihail Mişustini kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyz myhmanlary gadymy
türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu gezekki mejlisiň GDA-nyň çäklerinde
hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle-de öňde boljak
duşuşyklaryň halklaryň hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin
täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi. Türkmenistan GDA-nyň
mümkinçilikleriniň artdyrylmagyny hemmetaraplaýyn goldaýar, özara bähbitli
gatnaşyklaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, täze anyk many-mazmun
bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam berýär.
Duşuşyklaryň dowamynda ýurtlaryň
arasynda köpasyrlyk dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga, umumy medeni, taryhy
gymmatlyklara esaslanýan, sazlaşykly gatnaşyklaryň ýola goýlandygy bellenildi. Dostlukly döwletleriň abraýly
halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň,
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk
Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde netijeli
hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy.