milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Alekseý Owerçugy kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Alekseý Owerçugy kabul etdi
1 gün öň 21 Habarlar

Düýn – 30-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunda dostluk, ynanyşmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklarynyň häzirki döwürde ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi. Syýasy dialog yzygiderli pugtalandyrylýar, işjeň parlamentara hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasynda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Bilelikdäki hökümetara topar hem netijeli işleri alyp barýar, onuň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň tutuş toplumy boýunça tagallalar utgaşdyrylýar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de myhman birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, umumy bähbitlere laýyk gelýän türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.