28-nji
aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş
saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz saparyň barşynda bu sebitiň täze,
döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
hem-de Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.