Dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy Kerim bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gezelenç etdi. Owunjaklap ýagan gar bu töwerekleri ak lybasa besledi.
Milli Liderimiz dynç günleri boş wagtlarynda sport maşklaryny ýerine ýetirmegi we tebigatyň ajaýyplyklaryny synlamagy adaty endigine öwürdi. Ine, bu gün hem hormatly Prezidentimiz agtygy bilen gezelençde bolup, Asma ýola tarap ugrady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu töwereklerini synlap, agtygyna tebigatyň gudraty güýçli, onuň egsilmez baýlygy we tebigatyň adamlar bilen gatnaşygy barada gürrüň berdi.
Kerim atasynyň gürrüňlerini diňläp, dag etekleriniň gözelliklerini, ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbini surata düşürdi. Munuň özi ýurdumyza ak gar bilen gelen gyşyň has täsirli pursatlarynyň ýadygärlik hökmünde saklanmagynda aýratyn ähmiýetlidir.
Döwlet Baştutanymyz biziň howa şertlerimizde seýrek gabat gelýän şeýle mümkinçilikden peýdalanyp, agtygy bilen ak gardan gar togalaklaryny ýasap hem-de olary birikdirip, adam keşbine meňzeş şekili döretdi.
Asma ýoluň ähli işgärlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Munuň özi şäher ýaşaýjylary, esasan-da, körpeler üçin täsin pursatlary döredýän adamlaryň zähmetine berilýän mynasyp bahadyr.