2-nji
dekabrda Energetika ministrliginiň binasynda sanly ulgam arkaly Söwda-ykdysady,
ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz
toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki dostlukly
ýurduň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür
toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň
gün tertibine bar bolan döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem-de
Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň
ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy girizildi.