20-nji
dekabrda paýtagtymyzda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça
hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisi geçirildi.
Mejlisiň
öňüsyrasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar
Berdimuhamedow bilen hökümetara toparyň gazak tarapyndan başlygy, Gazagystan
Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Roman Sklýaryň duşuşygy boldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer
ugurlarda Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň giň gerimli
hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.