1-nji
aprelde Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistana
döwlet sapary bilen geldi.
Iki
dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen paýtagtymyzyň Halkara howa
menzilinde belent mertebeli myhmany garşylamak dabarasy boldy. Hindistanyň Baştutanynyň
gelmeginiň hormatyna haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda hormat garawulynyň
esgerleri nyzama düzüldiler.
Asylly
däbe görä, milli lybasdaky oglan we gyz Prezident Ram Nath Kowinde hem-de onuň
maşgalasyna duz-çörek hödürlediler we gül çemenini gowşurdylar.
...Paýtagtymyzyň
howa menziliniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş binasynyň öňündäki
meýdançada Hindistan Respublikasynyň Liderini resmi garşylamak dabarasy boldy.
Bu ýerde Prezident Ram Nath Kowindi hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow mähirli mübärekledi. Iki ýurduň Baştutanlary dostlarça
salamlaşyp, ýörite bellenen ýere barýarlar.
Hormat
garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Hindistan Respublikasynyň we
Türkmenistanyň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär. Iki ýurduň Liderleri hormat
garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler we Türkmenistanyň Döwlet
baýdagyna hormat-sarpa goýýarlar.
Soňra
belent mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat kerweniniň
ugratmagynda «Ýyldyz» myhmanhanasyna tarap ugraýar.