«Hatyra»
kitabynyň täze neşiriniň ikinji tomy Balkan welaýatynda önüp-ösen, 1941 – 1945-nji
ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan, ýaralanma zerarly hassahanalarda
aradan çykan hem-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlandy.
Nesiller
üçin gahrymançylykly geçmişi beýan edýän «Hatyra» kitabynyň ikinji neşiri giň
okyjylar köpçüligine niýetlenendir. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw
müdirligi tarapyndan çapa taýýarlanylan kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugy
tarapyndan ýokary çap usulynda neşir edildi.