milli goshun logo
Hasyl toýy: türkmen daýhanlarynyň zähmetiniň şanyna dabaralar
Hasyl toýy: türkmen daýhanlarynyň zähmetiniň şanyna dabaralar
15.11.2021 1350 Habarlar

14-nji noýabrda tutuş ýurdumyzda Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu baýramçylyk oba hojalyk ýylynyň, ekerançylaryň tutanýerli zähmetiniň jemini jemleýär, türkmen topragynyň berekedini, saçaklarymyzyň bolçulygyny alamatlandyrýar. Onda türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklary we däp-dessurlary, raýatlarymyzyň jebisligi, zähmetsöýerligi, abadançylygy öz beýanyny tapdy.

Şanly waka mynasybetli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde dürli mowzuklaýyn maslahatlar geçirildi, mähriban topragymyzyň sahawatlylygyny görkezýän sergiler we ýarmarkalar guraldy. Däp bolşy ýaly, esasy baýramçylyk dabaralary paýtagtymyzda geçirildi. Bu ýere ähli sebitlerden halk hojalygynyň öňdebaryjy wekilleri geldi.

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasy esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde oba hojalygynyň hem-de agrosenagat toplumynyň gazanan üstünlikleriniň uly sergisi guraldy.