Gowy mugallym bolmak üçin özüňi hemişe kämilleşdirmegiň
üstünde işlemeli. Bu oý-pikire eýerip, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy
edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hünärlerini ýurdumyzyň Harby
akademiýasynda kämilleşdirýärler.
Öz saýlan harby ugrundan iň gowy hünärmenleriniň
hataryna girip, olar pedagogika ugrundan öz bilimlerini çuňlaşdyrýarlar. Şu
nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň
mugallymlary dört aýlyk pedagogiki okuwlary geçdiler.
Hünär derejelerini kämilleşdirmeginiň çäklerinde
olar ýokary okuw mekdeplerinde ulanylýan öňdebaryjy okadyş usullaryny
özleşdirdiler. Okuwyň dowamynda alan bilimleri we endikleri olara harby
talyplary okatmagyň usullaryna täzeçe çemeleşmäge mümkinçilik berdi.
Şu günler bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary täze okuw ýylynyň başlamagyna taýýarlyk görüp, öz okuw meýilnamalaryna soňky goşmaçalary girizýärler. Şeýle hem institutda okuw prosesi yzygiderli kämilleşdirilýär, geljekki serkerdeler bilen işleşmegiň häzirki zaman usullary we enjamlary ulanylýar, pedagogika ugry boýunça dünýäniň iň gowy tejribesi özleşdirilýär.
«Milli goşun».