milli goshun logo
Harby talyplaryň sport älemindäki üstünligi
Harby talyplaryň sport älemindäki üstünligi
28.02.2024 1054 Sport

Düýn – 27-nji fewralda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII uniwersiadanyň çäklerinde talyp oglanlaryň arasynda erkin göreş boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryş Bütindünýä göreş federasiýasynyň Düzgünnamasy esasynda geçirildi.

Ýaryşyň netijeleri boýunça Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary toparlaýyn birinji orna mynasyp boldular. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary ikinji, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň talyplary bolsa üçünji orny eýelediler.

Şeýle ýaryşlar talyp türgenleriň öz ukyp-başarnyklaryny giňden açyp görkezmegine mümkinçilik berýär.