Ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda harby talyplaryň
arasynda «Okamadyk öküner, dil gysgadyr,
sakynar» ady bilen geçirilen kitap okamak bäsleşiginiň jemi jemlenildi.
Geljekki serkerdeler bäsleşigiň şertleri boýunça hormatly
Belent Serkerdebaşymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler
gaýrat üçin dogulýar», «Türkmen alabaýy», «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň
ýüregi» we «Parahatçylyk sazy,
dostluk, doganlyk sazy» atly eserlerini 35 günüň dowamynda okap, bu ajaýyp
eserler boýunça elektron görnüşinde test soraglaryna jogap berdiler.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Belent
Serkerdebaşymyzyň kitaplary watançy ýaşlarymyzy terbiýelemekde uly orny
eýeleýär. Şular ýaly bäsleşikleriň geçirilmegi Milli Liderimiziň eserlerini has
çuňňur öwrenmäge, olarda beýan edilýän wakalar bilen ýaşlaryň içgin tanyşmagyna
ýardam berýär.
Bäsleşikde orunlar üçin göreş örän çekeleşikli
boldy. Harby talyplaryň köpüsi tabşyrylan ýumuşy birkemsiz ýerine ýetirdiler.
«Milli goşun».