milli goshun logo
HARBY GULLUKÇYLARYŇ YHLASYNDAN KEMAL TAPAN ÖNÜMLERINIŇ SERGISI
HARBY GULLUKÇYLARYŇ YHLASYNDAN KEMAL TAPAN ÖNÜMLERINIŇ SERGISI
21.08.2022 557 Habarlar

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy toplumyň çäginde Hojalyk müdiriýetiniň harby gullukçylarynyň ösdürip ýetişdiren gök, bakja, miwe, ir-iýmiş we azyk önümleriniň dürli görnüşlerinden ybarat bolan sergini synladylar.

Bu ýerde harby gullukçylar tarapyndan bölünip berlen ýerlerde ösdürilip ýetişdirilýän gök, bakja ekin we miwe önümleriniň dürli görnüşleri: üzümiň «Alaman doýran», «Rowaç», «Sary kişmiş», «Şa serpaý», «Taýpy», «Gyzyl üzüm» görnüşleri goýlupdyr. Şeýle hem almanyň, garalynyň, armydyň dürli görnüşleri, hyýaryň, pomidoryň, kelemiň ýazky we güýzki görnüşleri görkezilýär. Bu ýerde ekerançylyk ylmynyň gazananlary netijeli ulanylyp, önümleriň täze görnüşleriniň taýýarlanylandygyny görkezýän şekiller bar. Şeýle-de et we et önümlerine, süýt önümlerine möhüm orun berlipdir. Munuň özi harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynda maldarçylygy, guşçulygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini alamatlandyrýar.

Ýurdumyzda bar bolan tebigy serişdeleri we mümkinçilikleri has doly peýdalanmagyň hasabyna azyk bolçulygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegi dürli düzümlerde we pudaklarda ýokary girdejili kömekçi hojalyklaryň döredilmegini şertlendirýär. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýeti munuň aýdyň mysalydyr.