Düýn – 17-nji oktýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi.
Döredijilik çäresine gatnaşyjylar Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini jemläp, onuň parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakdaky, medeniýetleriň baýlaşmagyndaky, doganlyk halklaryň özara düşünişmegini berkitmekdäki ähmiýetini bellediler. Myhmanlar türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik, şeýle hem Türkmenistan bilen has içgin tanyşmaga, onuň halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny öwrenmäge döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna hoşallyklaryny beýan etdiler.
Şeýlelikde, Russiýanyň Medeniýet günleriniň çäginde geçirilen çäreler türkmenistanlylary dostlukly ýurduň sungatynyň baý öwüşginleri bilen tanyşdyryp, halklarymyzyň ýakyndygyny, taryhy we ruhy baglanyşygynyň berkdigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.