milli goshun logo
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy
09.03.2022 426 Habarlar

8-nji martda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe, Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly zenanlarynyň hormatyna bagyşlanan dabara geçirildi. Baýramçylyk çäresine ýurdumyzyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly myhmanlaryň hatarynda köp çagaly eneler, zähmet weteranlary, önümçiligiň öňdebaryjylary hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň gelin-gyzlary, alymlar we medeniýet işgärleri, dürli pudaklaryň zähmetkeş zenanlary bar. Şeýle hem ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara düzümleriň zenanlary çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Oguz han» köşkler toplumyndan sanly ulgam arkaly baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylara goşuldy. Munuň özi zenanlarymyzyň belent hormata, söýgä mynasypdygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk çäresine gatnaşyjylary mübärekläp, ýurdumyzda dabarasy uludan tutulyp, giňden bellenýän Halkara zenanlar güni mynasybetli, şu ajaýyp baýram güni ýurdumyzyň ähli zenanlaryny – mähriban enelerimizi, eziz uýalarymyzy we gyzlarymyzy gutlamaga şertiň dörändigine örän şatdygyny belledi.