milli goshun logo
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ikinji mejlisi
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ikinji mejlisi
30.10.2022 550 Habarlar

29-njy oktýabrda paýtagtymyzda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ikinji mejlisi geçirildi. Foruma Hökümet agzalary, ugurdaş düzümleriň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary hem-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar.

Halkara assosiasiýanyň agzalary sanly ulgam arkaly mejlise gatnaşyp, alabaýlaryň tohumynyň häzirki ýagdaýy barada maglumatlary ýygnamagyň we alyşmagyň, olary gorap saklamak, sanyny artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň möhümdigini nygtadylar. Dürli bilelikdäki çäreleri, şol sanda usulyýet maslahatlaryny, sergileri, bäsleşikleri, okuw maslahatlaryny, okuw sapaklaryny, «tegelek stol» maslahatlaryny guramagyň ähmiýeti bellenildi. Çykyş edenler türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyň bu ajaýyp itleriň geljekki nesiller üçin genofondyny gorap saklamak hem-de arassa ganly görnüşleriniň sanyny artdyrmak boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdiler.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permany okaldy. Şeýle-de mejlisiň dowamynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň prezidentiniň Çözgüdine laýyklykda, assosiasiýanyň täze agzalaryna agzalyk şahadatnamalary gowşuryldy. 

Dabaranyň çäklerinde alabaýyň keşbi beýan edilen şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň, çaphana önümleriniň, fotosuratlaryň, haly önümleriniň we heýkelleriň sergisi guraldy.