Halkyň, ýurdyň Lideri bolmak nämäni aňladýar?
Çünki bu wezipe-de däldir, at hem däldir, munuň özi ynama, umumy gymmatlyklara
we maksatlara bolan umumy garaýşa ygrarlylyga esaslanan milli jebisligiň ýüze
çykmasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow döwletiň baş gymmatlygynyň adamdygyny, ýurdumyzyň garaşsyz
ösüşiniň maksadynyň bolsa mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny we abadançylygyny
gazanmakdan ybaratdygyny yglan etdi. Milli Liderimiz şu maksat ugrunda hem
ösüşiň täze gözýetimlerini açyp, ýollarymyzy möhüm üstünliklere hem-de beýik
işlere besläp, Türkmenistany ynamly öňe alyp barýar.
Halk baradaky alada döwletimiziň baş wezipesi
bolmak bilen, hormatly Prezidentimiziň tutuş durmuş-ykdysady syýasatynyň
özeninde durýar.
Iň batyrgaý pikirler we giň gerimli
özgertmeler, iri möçberli taslamalar hem-de toplumlaýyn maksatnamalar halkymyz,
onuň mynasyp geljegi baradaky aladalardan gelip çykýar, şol özgertmelerdir
maksatnamalaryň, taslamalaryň amala aşyrylmagy ýurdumyzy ösüşiň köp ölçegleri
boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlara çykarýar, onuň halkara abraýyny artdyrýar.
Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň
ähli taraplaryny öz içine alýan bu düýpli işleriň merkezinde hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yhlasly hyzmaty, düýpli
jogapkärçiligi, strategiki çözgütleri kabul etmekde erki we yzygiderliligi,
parasatlylygy we öňden görüjiligi, olaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagy boýunça
milli Liderimiziň ýadawsyz işleri durýar.
Lider bolmak — ynamly, güýçli, maksada
okgunly şahsyýetiň diňe bir çagyrmak bilen däl, eýsem, öz ähli tagallalaryny we
tejribesini netije gazanmaga sarp etmäge zerur bolan ugurlary döretmek bilen
nusga bolup durýan hereketi amala aşyryp bilmegidir.
Watanymyzyň, halkymyzyň durmuşynyň
rowaçlanmagynyň, çagalarymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine şunuň ýaly ýadawsyz
işleri alyp barmagyň nusgasyny milli Liderimizde görüp, türkmenistanlylar
döwlet Baştutanymyzyň ähli başlangyçlaryny goldamak hem-de onuň öňe sürýän
maksatlarynyň töweregine jebisleşmek bilen döredijilikli zähmete ruhlanýarlar.
Hut halka daýanmak ykdysadyýetde we
ýurdumyzyň durmuş ulgamynda ägirt uly üstünlikleri gazanmagyň esasy hem-de
aýgytly şerti bolup durýar — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
bu sözlerini milli Liderimiziň ýakynda welaýatlar boýunça amala aşyran iş
saparlary hem tassyklady. Şol saparlaryň barşynda döwlet Baştutanymyzyň hut özi
ýerlerde özgertmeleriň we maksatnamalaýyn çäreleriň ilerledilişi bilen tanyşdy.
Milli Liderimiz kärendeçiler, maldarlar,
obada zähmet çekýän beýleki adamlar hem-de talyp ýaşlar bilen duşuşyp, olaryň
durmuşy, işleri, häzirki aladalary we geljekdäki meýilnamalary bilen giňişleýin
gyzyklandy.
Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň adamlaryň
arzuw-isleglerine, maksatlaryna hem-de gyzyklanmalaryna inçelik bilen üns
berýändigine şaýatlyk edýär. Ýerden oýlanyşykly peýdalanyp bilýän ýer
eýeleriniň täze neslini kemala getirmek obasenagat toplumynda özgertmeleriň
üstünlige beslenmeginiň esasy şertidir diýip, milli Liderimiz nygtaýar. Bu şert
hem işiň beýleki ugurlaryna-da degişlidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow halkymyzyň daýanjy bolmak bilen bir wagtda, onuň hakyky, ýagny
çäksiz mümkinçiliklerini açyp, ildeşlerimizde öz ykballaryna hem-de Watanymyzyň
ykbalyna düşünjeli we jogapkärli garamaga itergi berip, ukyp-başarnyklaryna
pugta ynamy döredýär.
Ýurdumyzyň durmuşyndaky köp sanly wakalaryň
her biri, goý, ol täze durmuş we senagat desgalarynyň açylmagy ýa-da düýbi
tutulmagy, sebit hem-de halkara ähmiýetli uly energetika, ulag, senagat
taslamalarynyň ulanmaga berilmegi, ynsanperwer ulgamda — ylym we bilim,
medeniýet, sport ugurlarynda özgertmeler bolsun, şol wakalaryň her biri
ýurdumyzyň depginli ösüşiniň gerimini hem-de onuň syýasatynyň ileri tutulýan
ugurlaryny şöhlelendirýär.
Halkymyzyň durmuşynda adaty ýörelgeleriň —
onuň kalbynyň, özboluşlylygynyň, ahlak ugurlarynyň we taryhy mirasynyň häzirki
günüň täzelikleri hem-de ýokary tehnologiýalary bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy
hem yza dolanuwsyz öňe hereket etmegimiziň ugruny emele getirýär.
Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete,
ýokary hilli, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri çykarýan kuwwatly
senagat önümçilikli ýurda öwürmek baradaky wezipäni öňde goýup, döwlet
Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini
hem-de bilim ulgamyndan başlap, ykdysadyýetimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň
ähli ulgamlaryny öz içine alýan ugurlara ählumumy sanlylaşdyrmagy ornaşdyrmagy
möhüm şert hökmünde kesgitledi.
Bu işler
hem nesillerimiziň geljegi baradaky pikirlerden ugur alýar. Häzirki ýaş
nesilleriň ertir iň döwrebap tehnologiýalara we ygtyýarlyklara eýe bolup,
netijeli we özüne ýeterlik ykdysady toplumlary, kuwwatly ylmy-tehniki
mümkinçiligi, durmuş taýdan goragly jemgyýeti bolan hem-de ösüş derejesi
boýunça dünýäniň ösen döwletlerinden pesde bolmadyk kuwwatly ýurdy öz ellerine
almagy üçin kuwwatly binýat döredilýär.
Ýurdumyzy
mundan beýläk-de durnukly ösdürmek, başlanan özgertmeleri dowam etmek üçin
bolsa täze garaýyşly hünärmenler örän möhümdir —bu barada milli Liderimiz
aýratyn nygtap, halkara hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri barada
aýdýar. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan işgärleri taýýarlamak baradaky wezipeler
ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmek
boýunça ilkinji nobatdaky meseleleriň hataryna goşulýar.
Bu barada
mesele hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda geçiren iş
maslahatynda-da beýan edildi. Şonda bilim ulgamyndaky özgertmeleriň barşyna
garaldy, şeýle hem СOVID-19
ýokanjynyň milli ykdysadyýetimize ýaramaz täsirini azaltmak boýunça çäreler ara
alnyp maslahatlaşyldy.
Ýokanjyň
ýaýramagyna garşy hereket etmekde gazanylan ajaýyp üstünlikler üçin
Türkmenistan lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi bolan milli Liderimiziň aýgytly
çözgütlerine hem-de öňden görüjiligine minnetdar bolunmalydyr. Hut şol
çözgütlere laýyklykda, ýurdumyzda durnukly epidemiologik we ykdysady ýagdaýy
saklamaga mümkinçilik beren öňüni alyş çäreleri öz wagtynda görüldi.
Jemgyýetçilik
saglygy goraýşyň ösüş derejesi islendik döwletiň ilatynyň durmuş derejesiniň,
onuň döwlet gurluşynyň hem-de durmuş syýasatynyň netijeliliginiň esasy
görkezijileriniň biridir. Çünki bu ulgamda esasy ýagdaýlar jemlenip, döwletiň
alyp barýan işlerine «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen düşünje bilen
kesgitlenilýän ynsanyýet ölçegini, gymmatly many-mazmuny berýär.
Ýöne, giň
gerimli bu işlerde, esasy zat — bularyň ählisiniň biziň topragymyzda ýaşaýan
adamlaryň bähbidi we abadançylygy üçin amala aşyrylýanlygyndadyr. Milli
Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny we ruhy
ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady maksatnamasy täzeçilligi,
öňde goýlan wezipeleriň giň gerimliligi, batyrgaýlygy, ählitaraplaýyn
döredijilikli çemeleşmesi we şunuň bilen birlikde, onuň durmuşa geçirilmegi
üçin serişdeleri tapmagyň iş ýüzündäki esaslandyrmasy bilen tapawutlanýar.
Ýurtda yzygiderli
görülýän çäreleriň aýdyň we täsir galdyryjy netijeleri äşgär hakykaty ýüze
çykarýar: Türkmenistana özüniň gurplydygyny we kämildigini subut etmegiň
zerurlygy ýok — onuň durnuklydygyna dünýäniň işewür toparlarynyň ýurdumyz bilen
uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge barha artýan
gyzyklanmalary aýdyň şaýatlyk edýär.
Şunuň
bilen baglylykda, döwrüň möhüm meselelerini çözmekde köpugurly hyzmatdaşlygy
ýola goýmagyň, döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly, hoşniýetli
goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň anyk guraly hökmünde Türkmenistanyň
bitaraplyk derejesiniň eýeleýän ornuny aýratyn bellemek zerurdyr.
Birleşen
Milletler Guramasy dürli ulgamlarda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge
ýurdumyzyň goşýan goşandyna ýokary baha berýär, hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren döredijilikli başlangyçlaryny dolulygyna
goldaýar, munuň şeýledigine BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan, şol sanda
ulag, energetika, ekologiýa we beýlekiler boýunça kabul edilen Kararnamalarynyň
birnäçesi hem şaýatlyk edýär.
Milli
Liderimiziň teklibi boýunça BMG Bütindünýä welosiped gününi hem tassyklady we
öňümizdäki 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan
etdi.
Parahatçylyk
we ynanyşmak! Munuň özi adamzadyň häzirki wagtda iň uly isleg bildirýän
gymmatlygydyr, sebäbi häzir biri-birinden aýry bolmadyk bu iki düşünje
hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş şertine öwrülýär.
Ýer
ýüzüniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk we rowaçlyk, ösüş we
ynsanperwerlik, ruhubelentlik we dostluk — bularyň ählisi şu ýyl 25 ýyllygy
belleniljek bitaraplyk derejesine eýe bolan garaşsyz döwletimiziň Baştutany
hökmünde çykyş eden milli Liderimiziň maksatlaryny özünde jemledi.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow islendik döwletiň daşary syýasatynyň
içerki syýasatdan bölünmezdigini belledi. Şu arabaglanyşykda ýurdumyzyň
garaşsyz we özbaşdak ösüşiniň şerti hökmünde bitaraplyga düşünmegiň açary
jemlenýär.
Jemgyýetde,
içerki durmuşda parahatçylyk söýüjilik, ylalaşyk, açyklyk we ynsanperwerlik
ýörelgelerini wagyz edip hem-de amala aşyryp, türkmen döwleti bu düşünjeleri
daşary döwletlerbilen özara gatnaşyklaryna hem beýan edýär we şol bir wagtda
hemme gowulyklary, daşary ýurtlarda bar bolan ösüşler we peýdaly işleri öz
tejribesine ornaşdyrýar.
Hormatly
Prezidentimiziň belleýşi ýaly, halkyň durmuş derejesini has ýokary belentlige
galdyrmak üçin biz gazanylan üstünlikler bilen arkaýynlaşmaly däldiris. Öňde
täze, örän çynlakaý çemeleşmeleri we öňden görüjilikli çözgütleri talap edýän
jogapkärli wezipeler durýar.
Şol
wezipeler hem milli meýilnamalara laýyklykda ädimme-ädim, yzygiderlilikde we
toplumlaýyn çözülýär. Biz “toplumlaýyn” diýen sözi ýöne ýere ulanmadyk.Adamyň
özüni bagtyýar duýup ýaşamagy üçin maddy baýlyklar bilen bir hatarda ruhy-ahlak
baýlyklary hem zerur.
Hajy
Arkadagymyz bu meseleleri-de ünsden düşürenok. Ýurtda adamlaryň uýýan dinine
garamazdan, dini-ygtykady amallary ýerine ýetirmekleri üçin zerur şertler
döredilendir.
Bu gün
milli Liderimiz – hajy Arkadagymyz 63 ýaşaýar. 63 ýaş – yslam dünýäsinde
mukaddes menzil, pygamber ýaşy. Pygamber ýaşyna ýetmek – uly mertebe,
döwletlilik. Milli Liderimiz şol döwletliligiň hözirini mähriban halkyna
paýlaýar. Hajy Arkadagymyzyň ýoly halkyň ýoludyr. Munuň şeýledigini biziň her
birimiz özümiziň gündelik durmuşymyzda görüp gelýäris hem-de munuň üçin hajy
Arkadagymyza müň mertebe alkyş aýdyp, milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň
uzak bolmagyny dileg edýäris.
Türkmenistan
abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň belentliklerine tarap maksada okgunly
hereket edýär hem-de bu hereketlere döwlet Baştutanymyzyň işjeň, özgerdiji
güýç-kuwwaty, halkymyzyň jebisligini we ruhuny ýüze çykarýan Liderligi güýçli
itergi berýär.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow alyp barýan işleri bilen ýol görkezýäniň
däl-de, şol ýollary çekýäniň hem-de bu işde jogapkärçiligi we zähmeti,
kynçylyklary ilkinji bolup öz üstüne alýanyň hem-de strategiýasyny oýlap
düzýäniň Liderdigini görkezýär.
Milli
Liderimiz ýolbaşçylyk edip ugrukdyrmak bilen birlikde, guraýar, jebisleşdirýär
hem-de pikirdeşleriň uly toparyna – tutuş ýurdumyza baştutanlyk etmeginde
işleýär.
Şoňa
görä-de, Türkmenistanyň hereketi ýyl-ýyldan täze depginlere eýe bolýar. Ol
hereket maddy, ruhy, syýasy, ykdysady we durmuş ýagdaýlaryny döretmegiň
üznüksiz işlerinde jemlenip, ýurdumyzyň ösüşinde hil taýdan üýtgeşmeleri,
halkymyzyň döwrüň islegine laýyk barha artýan abadançylygyny üpjün edýär.
Adamlaryň
bagtyýar durmuşyny üpjün etmek we döwletiň gülläp ösüşini gazanmak bolsa
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş aladasy hem-de
maksadydyr.