milli goshun logo
Güýçli garşydaşa mynasyp oýun
Güýçli garşydaşa mynasyp oýun
09.01.2019 1957 Sport

Bilşimiz ýaly, futbol boýunça Aziýanyň kubogyny almak ugrundaky yklym bäsleşigine badalga berildi. Şu gün «F» toparçasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen Ýaponiýanyň milli ýygyndysy duşuşdy. Aziýanyň iň güýçli toparlarynyň biri bilen oýnaýanlygyna garamazdan, 26-njy minutda sag gyraky hüjümçimiz Arslanmyrat Amanow daşdan owadan urgusy bilen hasaby açyp, birinji ýarymy milli ýygyndymyz öz peýdasyna tamamlamagy başardy. FIFA-nyň sanawynda 50-nji ýeri eýeleýän we bu ýaryşyň 4 gezek çempiony bolan topary saklamak ýeňil iş däldi. Umuman, oýun ýapon futbolçylarynyň peýdasyna 3:2 hasabynda tamamlandy. Oýunda uly aratapawuda garaşan futbol bilermenlerini, türkmen futbolçylary garaşylmadyk ýagdaýda mynasyp oýunlary bilen haýrana goýdy.

Nesip bolsa, milli ýygyndymyz 13-nji ýanwarda Özbegistanyň milli ýygyndysyna garşy oýunda hem şu oýnuny orta goýsa, toparçadan çykmak mümkinçiligimiz hakykat ýüzünde amala aşar. Bize diňe üstünlik arzuw edäýmek galýar.

«Milli goşun».