26-njy aprelde Türkmenistanyň Serhet institutynda şu ýyl ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramynyň Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde guralan dabaralarynyň çäklerinde türkmen alabaýlarynyň arasynda geçirilen «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna degişli Akhan atly alabaýyň baş baýraga eýe bolmagy mynasybetli dabara geçirildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça gaýduwsyz, wepadar Akhan «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen derejä mynasyp boldy.