Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýöriteleşdirilen harby mekdepleriň
okuwçylaryny okatmagyň hilini kämilleşdirmek we olaryň bilim taýýarlygynyň
derejesini ýokarlandyrmak, olar üçin häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryna
laýyk gelýän okuw şertlerini döretmek hem-de Aşgabat şäheriniň
binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen,
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Goranmak
ministrligine Aşgabat şäheriniň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda
Berdimuhamet Annaýew adyndaky 700 orunlyk 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiň
binalar toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp
gurmak barada «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tiсaret A.Ş.» türk
kompaniýasy bilen şertnamany, daşarky eltiji suw we lagym üpjünçiliginiň
inžener ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk
işlerine 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak we binalar toplumyny 2024-nji
ýylyň awgust aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.