Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik
Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda we Harby-deňiz institutynda giriş
synaglary dowam edýär. Synaglaryň dowamynda harby talyp bolmak isleýän
dalaşgärler takmynan iki hepdäniň içinde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
serkerdesi bolmaga mynasyplygynyň derejesini görkezerler. Olar fiziki
taýýarlygy boýunça normatiwleri hem-de matematika, fizika we Türkmenistanyň
taryhy dersleri boýunça synaglary tabşyrarlar. Iki ýyllyk çagyryş boýunça harby
gullugynda ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby
mekdeplerinde doly taplanan dalaşgärleriň ähli fiziki möçbernamalary üstünlikli
geçjekdikleri ikuçsyzdyr.
– Men harby talyp bolmaga gulluk ýyllarymdan bäri
höwes edýärdim – diýip, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyna dalaşgär Kakajan
Meretgeldiýew aýdýar.
– Şol döwürde öz işine ussat serkerdämiziň biri
maňa görelde bolupdy. Ol öz ugry boýunça ökde hünärmen hökmünde bizi günde täzeçe
usullary we gözlegleri bilen geň galdyrýardy. Ana, şol görelde hem meni şu
ýerik getirdi.
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň
ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul edilen dalaşgärler birnäçe ýeňilliklerden peýdalanarlar.
Şol sanda gündelik we meýdan eginbaşlar hem-de durmuş serişdeleriniň, goş
emläkleriniň degişli görnüşleri,
okuw döwründe iýmit, talyp haky, eginbaş, umumyýaşaýyş jaýy, şeýle hem
durmuş serişdeleriniň ähli görnüşleri bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna
laýyklykda üpjün edilip, okuwlaryny tamamlandan soň bolsa Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçlerinde serkerdelik wezipesine bellenerler.
«Milli goşun».