milli goshun logo
Gerçek ýigit buýsanjydyr iliniň
Gerçek ýigit buýsanjydyr iliniň
14.05.2017 1725 Harby Bilim

Ýakynda Beýik Ýeňşiň 72 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan eden «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Ökdelerden ökdeleri saýlan bu bäsleşik diýseň çekeleşikli geçip, oňa gatnaşan gerçek ýigitler birnäçe şertler boýunça öz döredijilik ukyp-başarnyklaryny, zehin hem-de bilim derejelerini görkezdiler. Bäsleşik öz saýlap alan hünäriňe bolan buýsanjyňy wasp etmek, onuň jemgyýetdäki orny hakynda tomaşaçylara çeper gürrüň bermek, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly bilen baglanyşykly çykyşda özüňi sungat-döredijilik taýdan görkezip, türkmen ýigidine mahsus buýsançly häsiýetdir hereketler bilen hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserlerinden çeper okaýyşlary, döwrebäp tansdyr, aýdymlary ýerine ýetirmek, şeýle-de şorta sözli degişme sahnalary janlandyryp şahandazlykda öňe saýlanmak ýaly birnäçe şertlerden ybarat boldy. Geçirilen bu bäsleşikde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 5-nji ýyl harby talyby Ýazmuhammet Öwezberdiýewiň 1-nji orna mynasyp bolmagy hemmämiziň buýsanjymyza buýsanç goşdy. Çünki geljekki serkerdäniň bu ýeňşi onuň Watan goragynda sak durup, ýene-de uly üstinlikler gazanjakdygyna ynam döredýär. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministligi tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Ýeňşiňiz gutly bolsun, gerçek ýigitler!

Merdan AMANGYLYJOW, leýtenant.