Balkan
welaýatynyň Serdar etrabynyň çäginde energiýanyň dikeldilýän çeşmelerinde,
ýagny gün we ýel energiýasyanyň hasabyna işleýän, umumy kuwwatllylgy 10 megawat
ýurtda ilkinji elektrik bekedi gurlar. Desga ekologiýa taýdan arassa elektrik
energiýasyny öndürmek bilen, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde peýda
boljak ilatly ýerlerde sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we
bökdençsiz üpjün eder. 2019-njy ýylyň aprel aýynda tassyklanan «Altyn asyr»
Türkmen kölüniň sebitini 2019 – 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyny
durmuşa ornaşdyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda göz öňünde tutulýar.
Ýurdumyzyň
taryhyndaky bu üýtgeşik taslamanyň durmuşa geçirilmegi pudagyň kuwwatyny
güýçlendirmäge, şu ugurdan milli hünärmenleri taýýarlamaga, täze iş ýerlerini
döretmäge mümkinçilik berer.